-

Gymmatly kagyzlar bazaryň infrastrukturasy - maýa goýujy bilen emitentiň arasyndaky baglanyşyk halkasy bolup, maýa goýujy tarapyndan serişdeleri toplamagy üpjün edýär we iň ýokary girdeji berýän emitentleriň gymmatly kagyzlaryny satyn almak üçin maliýe akymlaryny ugrukdyrýar.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň infrastrukturasy, gatnaşyjylaryň işi üçin zerur şertleri döredip, gymmatly kagyzlar bazarynyň kadaly işlemegini üpjün edýän çylşyrymly ulgamdyr.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň infrastrukturasy aşakdakylary öz içine alýar:

- gymmatly kagyzlar bazarynyň kadaly işlemegini üpjün edýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady;

- gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary;

- gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylaryna maglumat hyzmatlaryny berýän guramalar;

- gymmatly kagyzlaryň şahadatnamalaryny çap edýän guramalar;

- gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylaryna hukuk hyzmatlaryny berýän guramalar we ş.m.

 

Türkmenistanyň “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” kanunynda göz öňüne tutulan hünärmençilik işiniň haýsyda bir görnüşini amala aşyrýan şahs gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysydyr.

Dellal (Broker) – müşderiniň tabşyrygy boýunça we serişdeleriniň hasabyna (şol sanda emitentiň emissiýaly gymmatly kagyzlaryny ýerleşdirilende) ýa-da müşderi bilen tölegli şertnamalar esasynda öz adyndan we müşderiniň serişdeleriniň hasabyna gymmatly kagyzlar bilen raýat-hukuk geleşikleri boýunça hünärmençilik işini amala aşyrýan ýuridiki şahs.

Diler - öz adyndan we oz hasabyna satyn alyş we (ýa-da) satyş nyrhlarynyň jemagat yglan edilmegi arkaly ol gymmatly kagyzlar boýunça geleşikleriň yglan edilen nyrhlar boýunça ýerine ýetirilmeginiň borçnamasy bilen gymmatly kagyzlaryň satyn alnyş-satylyş geleşiklerini amala aşyrýan ýuridiki şahs.

Ynançly dolandyryjy - Öz adyndan höweslendirmäniň hasabyna we kesgitli möhletiň dowamynda öz adyndan özüne tabşyrylan we bu şahsyň ýa-da üçünji şahsyň bähbidine başga birine degişli bolan emlägi ynamdar dolandyrýan ýuridiki şahs:

- gymmatly kagyzlar;

- gymmatly kagyzlara maýa goýmak üçin niýetlenen serişdeler;

- gymmatly kagyzlary dolandyrmak  prosesinde alnan pul serişdeler we gymmatly kagyzlar.

Ynançly dolandyryjy ynançly dolandyryş boýunça öz işini amala aşyrýan mahalynda, özüniň ynançly dolandyryjy hökmünde hereket edýändigini görkezmäge borçludyr.

Kliring guramasy - özara borçnamalaryň kesgitlenilmegi (gymmatly kagyzlar bilen geleşikler boýunça maglumatlaryň toplanylmagyny, deňeşdirilmegini, düzedilmegini we olar boýunça buhgalterçilik resminamalarynyň taýýarlanylmagyny) boýunça işi we gymmatly kagyzlaryň üpjünçiligi we hasaplaşyklary boýunça işi amala aşyrýan ýuridiki şahs.

Depozitariý - gymmatly kagyzlaryň saklanylmagy we (ýa-da) gymmatly kagyzlara bolan hukuklaryň geçmeginiň hasaba alynmagy boýunça hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýuridiki şahs.

Depozitariniň Gymmatly kagyzlaryň saklanylmagy we gymmatly kagyzlara bolan hukuklaryň hasaba alynmagy  hyzmatlaryndan peýdalanýan şahs deponent diýlip atlandyrylýar.

Depozitar işiniň prosesinde Depozitariý bilen Deponentiň gatnaşygyny düzgünleşdirýän şertnama Depozitar şertnamasy (Depo hasap şertnamasy) diýlip atlandyrylýar.

Depozitar şertnamasy ýazmaça görnüşinde baglaşylmalydyr.

Depozitar şertnamasynyň baglaşylmagy deponentiň gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň depozitara geçmegine getirmeýär. Depozitar şertnamasynda göz öňünde tutulmadyk halatynda Deponentiň gymmatly kagyzlaryny bähbidine ulanmaga, olary dolandyrmaga ýa-da deponentiň adyndan gymmatly kagyzlar bilen haýsydyr bir hereketi etmäge Depozitariýiniň hukugy ýokdyr. Deponentiň gymmatly kagyzlarynyň hasabyna depozitariniň borçnamalaryny töletdirip bolmaýar.

Sanawy saklaýjy (bellige alyjy) - gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny düzýän maglumatlaryň toplanylmagy, bellenilmegi, işlenilmegi, saklanylmagy we berilmegi boýunça işleri amala aşyrýan ýuridiki şahs.

Bellige alyjynyň eýeçiliginde emitentiň gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda bellige alnan gymmatly kagyzlarynyň bolmagyna ýa-da olar bilen geleşikleri amala aşyrmaga haky ýokdur.

Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny ýöretmek ulgamy kagyz ýüzünde we (ýa-da) elektron maglumat binýady arkaly ýazylan maglumatlar toplumy hökmünde düşünilýär.

Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny ýöretmek we olaryň adynda hasaba alnan gymmatly kagyzlar babatynda hukuklaryny hasaba almak ulgamynda hasaba alnan gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň we nominal saklaýjylarynyň kesgitlenmegini üpjün etmek, görkezilen adamlara maglumat almaga we ibermäge we gymmatly kagyzlaryň sanawyny düzmäge mümkinçilik berýär.

Gymmatly kagyzlar bazarynda söwdany gurnaýjy (gazna biržasy) – gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň arasynda gönüden-göni gymmatly kagyzlar bilen raýat-hukuk geleşikleriň baglaşylmagy boýunça hyzmat berýän ýuridiki şahs.